Nikkei: Apple iPhone SE we AirPods önümçiligini azaldar

  • 29.03.2022 17:39
  • 5.3k+

Apple amerikan korporasiýasy Ukrainadaky ýagdaý we ýörite harby hereketi sebäpli RF-e garşy çäklendirmeleriň girizilmegi bilen baglylykda iPhone SE smartfonlarynyň we AirPods gulaklyklarynyň önümçilik göwrümi baradaky çaklamasyny peseltdi. Bu barada Ýaponiýanyň “Nikkei” gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär.  

Neşiriň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, iPhone SE önümçiligini başdaky meýilnama bilen deňeşdirilende takmynan, 20% (2-3 mln) azaltmak meýilleşdirilýär. AirPods-yň önümçiliginiň şu ýyl 10 mln birlik azalmagyna garaşylýar. 

Bellenilişi ýaly, sanksiýalar üpjünçilik zynjyryna zyýan ýetirip, elektronika bolan islege ýaramaz täsir etdiler. Mundan başga-da, bazarda ýarym geçirijileriň ýetmezçiligi bar, onuň ýaramazlaşmagy hem ähtimal. Önümçiligi peseltmegiň ýene bir şerti ammarlarda toplanan taýýar önümleriň ätiýaçlyklaryny azaltmak islegi boldy. 


düýn 15:00
985

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......

21.04.2026 14:43
3.7k+

Tim Kuk Apple-iň ýolbaşçysy wezipesinden gider. Onuň ornuny Jon Ternus eýelär

Apple kompaniýasy baş direktoryň çalşylýandygyny yglan etdi: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesine Jon Ternus geçer. Soňky 15 ýylyň dowamynda Apple-e ýolbaşçylyk eden......

22.03.2026 12:15
1.6k+

Tim Kuk: Mac kompýuterlerini ilkinji gezek satyn alan müşderileriň sany hepdelik rekordy täzeledi

Apple kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk geçen hepdede ilkinji gezek Mac kompýuterini satyn alan ulanyjylaryň sany boýunça rekord goýlandygyny mälim etdi. Islegiň artmagy geçen hepde dükanlara çykarylan täze MacBook Neo modeliniň satuwa başlamagy bilen gabat geldi...

13.03.2026 17:58
3.1k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...