Saud Arabystany ýurdy doly açmaga tarap soňky ädimini ätdi

  • 29.03.2022 17:42
  • 16k+

Saud Arabystany daşary ýurtly syýahatçylar üçin ýurda gelenlerinde wiza bermegiň döwlet maksatnamasyny gaýtadan dikeltdi. Bu barada Saudi Press Agency neşiri ýazýar diýip, Day.Az belleýär.

Şeýlelikde, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Şengen zolagynyň açyk wizalary bolanlar ýurda gelenlerinde ýyllyk giriş resminamasyny güýje girizip bilýärler – munuň üçin Saud Arabystanyna milli gatnadyjylaryň biriniň gatnawy bilen gelmeli (Saudia, Flynas ýa-da Flyadeal) we eger COVID-19 bilen keselleseň ýörite ätiýaçlyk polisini almaly. Mundan başga-da, howa menzilinde wizany e-visa maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň raýatlary hem alyp biler. 

“Ýurda gelnende wiza bermek maksatnamasyny gaýtadan dikeltmek Saud Arabystanynyň açyklygyň pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp gelmeginde soňky ädim bolup, ony dynç alyş, iş we dini gezelençler üçin dünýäniň iň elýeterli ugurlarynyň birine öwürýär” – diýip, ýurduň syýahatçylyk ministri Ahmed al-Hatib aýdýar.


düýn 09:50
4.1k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......