Şanhaýda soňky iki ýylda iň uly lokdaun girizildi

  • 29.03.2022 17:41
  • 12k+

Hytaýyň Şanhaý şäherinde COVID-19 keseli sebäpli duşenbe gününden soňky iki ýylda iň uly lokdaun başlandy. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär. 

Şanhaýdaky lokdaun iki tapgyra bölner we 2019-njy ýylda koronawirusyň ýüze çykarylan ýeri bolan Uhandaky lokdaundan bäri Hytaýda iň güýçlüsi bolar. Birinji tapgyryň dowamynda duşenbe gününden anna gününe çenli Şanhaýyň Pudun ykdysady sebiti we onuň töweregindäki ýerler ýapylar. Ikinji tapgyr anna güni başlap, Şanhaýyň Huanpu derýasyndan günbatara tarap merkezi böleginde lokdaun yglan ediler. 
Bu döwürlerde ýaşaýjylar öýlerinde galmaly bolarlar, işi zerur hasaplanmaýan ofisler we kärhanalar ýapylar, jemgyýetçilik ulaglarynyň işi bolsa togtadylar. Şeýle-de, lokdaun wagty şäherde COVID-19 üçin köpçülikleýin barlaglar geçiriler.
Ýekşenbe güni Şanhaýda 3,5 müň töweregi adam koronawirus üçin položitel barlag tabşyrdy, olaryň diňe 50-sinde COVID-19-yň alamatlary ýüze çykaryldy. Hytaýda keseliň alamatsyz ýüze çykarylan hadysalary tassyklanan kesel hadysalary hasaplanmaýar.  


01.06.2026 07:34
8.3k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.6k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....