Ýaponiýanyň Sakahogidäki zawodynda awtoulag öndürmek togtadylandan soň, Mitsubishi Motors kärhanany kagyz öndürýän kompaniýa satmak barada geleşik baglanyşdy.
Ýapon awtoulag öndürijisi üçin zawody satmak gutulgysyz ýagdaý boldy.
Sebäbi awtoulaglaryň satuwy garaşylyşyndan pes netije berdi, Pajeranyň dizaýny bolsa soňky gezek 15 ýyl mundan öň täzelenipdi. Geleşigiň bahasy 4 milliard ýen boldy. Zawodyň täze eýeleri onuň işini el süpürgiç we hajathana kagyzy ýaly kagyz önümlerini öndürýän ugra gönükdirer.
Zawodyň Ýaponiýanyň merkezi böleginde ýerleşmegi Daio ýurduň esasy ykdysady merkezleri hasaplanýan Tokionyň we Uly Osakanyň sebitlerini öz önümi bilen netijeli üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Daio kompaniýasy Ýaponiýada ýüz süpürgiçlerini we hajathana kagyzlaryny öndürmekde bazaryň 30%-ni eýeleýär we täze kärhana onuň iş çygryny giňeldip biler.