M.Muhammedow ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça wise-premýer bellenildi

  • 26.03.2022 10:10
  • 24k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 25-nji martda gol çeken Karary esasynda Muhammetguly Muhammedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Şeýle hem ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşinde Türkmenistandan wekil hökmünde çykyş eder.

Ýeri gelende bellesek, Muhammetguly Muhammedow 1981-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherinde doguldy. Ýokary bilimli. 2003-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Gazi uniwersitetini ykdysatçy-dolandyryjy hünäri boýunça tamamlady.

...2013-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň maliýe ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. 2014 — 2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň maliýe ministri. 2017 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň ykdysady seljeriş we durmuş meseleleri boýunça esasy hünärmeni we müdiri. 2021-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň esasy buhgalteri, soňra — häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň ykdysady seljeriş we durmuş meseleleri bölümçesiniň müdiri.


düýn 21:16
4.6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

düýn 11:32
2.3k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

düýn 07:40
5.1k+

Yrak ägirt uly nebit ýatagynyň tapylandygyny mälim etdi

Yrak Saud Arabystany bilen serhediň golaýynda, ýurduň günbatar-günortasynda ýerleşýän Nejef welaýatynda iri nebit ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Deslapky çykarylan netijelere görä, gözleg meýdançalarynyň......

01.06.2026 07:34
8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......