Raşid Meredow Yslamabatda YHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

  • 24.03.2022 10:22
  • 4.2k+

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň başynda R.Meredow Baş sekretary bu ýokary we jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň Guramada öz agzalygyna möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Şeýle hem Baş sekretar, şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri barada maglumat berildi. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçysyna geçirilen saýlawlara synçylar toparyny iberendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň YHG-nyň işine gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 19:17
3.6k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

düýn 17:31
1.9k+

Astanada «RES 2026 EXPO» halkara sergisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti öz işine başlady. Bu sammitiň çäklerinde Astananyň «EXPO»......

düýn 11:57
4.9k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň......

21.04.2026 22:16
5.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik......