Nowruz baýramy Bakuwda hem diplomatik korpusyň gatnaşmagynda giňden bellenildi

  • 23.03.2022 16:52
  • 3.9k+

Bakuwda ýerleşýän Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäresine türki dilli döwletleriň Azerbaýjanda hereket edýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda agzalan gaznanyň prezidenti, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Wengriýanyň, Litwanyň ilçileridir diplomatlary çykyş edip, gadymy Nowruz baýramy hem-de onuň öz wekilçilik edýän ýurtlarynda bellenilişi barada pikir-garaýyşlaryny paýlaşdylar.  

Çäräniň çäklerinde gaznanyň esaslandyryjysy bolan türki dilli döwletleriň aşhanasynyň milli tagamlary bilen bezelen desterhanlar ýazylyp, halklaryň milli lybaslary we beýleki Nowruz däpleri görkezildi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......