Köpöwüşginli feýerwerk Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabaralarynyň jemini jemledi

  • 20.03.2022 13:54
  • 12k+

19-njy martda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan jemleýji dabaralar Aşgabadyň Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Döwlet münberi toplumynda boldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet münberinde guralan ýurdumyzyň meşhur medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans toparlarynyň çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň beýany bolup, ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi.

Köpçülikleýin çäreleri geçirmek hem-de olary onlaýn görnüşde şöhlelendirmek üçin ýörite enjamlar, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen toplumda oturdylan LED ekranda Garaşsyz Diýarymyzyň ähli ulgamlarda gazanan üstünlikleridir ýeten sepgitleri görkezildi. Köpöwüşginli feýerwerk bolsa Watanymyzyň täze taryhyndaky möhüm wakanyň — Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Ol ak mermerli Aşgabadyň asmanyny köpöwüşginli reňkler bilen ýagtylandyryp, dabara gatnaşyjylaryň göwnüni has-da belende göterdi.


düýn 11:16
1.6k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

01.06.2026 16:11
1.7k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:36
2.8k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

01.06.2026 14:04
2.7k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......