Täze düzümi düzülýänçä Ministrler Kabinetiniň öňki agzalary wezipe borçlaryny ýerine ýetirer

  • 19.03.2022 23:21
  • 35k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti degişli düzümde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňünde öz ygtyýarlyklaryny tabşyrdylar.

Ygtyýarlyklaryny tabşyran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi düzülýänçä öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmäge borçly edildi.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de «Ministrler Kabineti hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda gol çekdi.


düýn 16:13
1.9k+

Türkmenistanyň dokma kärhanalary Ýewropa bazarlaryna çykmagyň ýoluny öwrenýär

13-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň wekilleri üçin eksport taýýarlygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýerli dokma öndürijilerini Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna goşmaga bagyşlanan okuw......

düýn 16:06
854

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......

düýn 11:38
886

Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

14-nji aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy....

14.04.2026 14:32
5.2k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär....