Makron Fransiýada pensiýa ýaş çägini 65 ýaşa galdyrmaga söz berdi

  • 18.03.2022 18:56
  • 9.9k+

Fransiýanyň häzirki prezidenti Emmanuel Makron saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda Fransiýada pensiýa ýaşyny 65 ýaşa galdyrmalydygyny belleýär diýip, TASS habar berýär.

Mundan başga-da, ol özüniň bäş ýyllyk ygtyýarlygynyň ahyryna çenli ýurduň ilatyny iş bilen doly üpjün etmäge söz berýär.

«Iş bilen doly üpjün et mek ýetip bolmajak sepgit däl. Biz öňdäki bäş ýylyň dowamynda, geçen bäş ýylda eden işlerimizi etsek bolany» diýip, Makron belledi.

Onuň aýdyşyna görä, ýurtda işsizlik soňky bäş ýylyň dowamynda «iň pes derejä çenli azalypdyr»
3-nji martda Makron fransuzlara açyk hatynda döwlet baştutanynyň saýlawlarynda öz kandidaturasyny hödürleýändigini resmi taýdan yglan etdi. Şondan biraz soňrak Fransiýanyň Konstitusion maslahatynyň prezidenti Loran Fabius ýurtda geçjek prezident saýlawlaryna gatnaşjak dalaşgärleriň jemleýji sanawyny okady.
Oňa sosiologlaryň öňünden çaklan, saýlawlara gatnaşmaga sähelçe-de bolsa mümkinçiligi bolan ähli dalaşgärler girizilipdir. Onda ýaryşyň öňbaşçysy, ýurduň häzirki prezidenti Emmanuel Makronyň, gollist zenan, Il-de-Frans sebitiniň Sebit maslahatynyň prezidenti Waleri Pekressiň, «Milli birleşik» partiýasynyň lideri Marin le Peniň, şeýle-de, ultrasagçy publisist Erik Zemmuryň atlary bar.  
Fransiýada prezident saýlawlary aprelde geçer we iki tapgyrda — 10-na we 24-ne amala aşyrylar. 


05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

02.06.2026 20:32
7.5k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......