Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (10-njy bölüm)

  • 18.03.2022 12:22
  • 17k+
Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (10-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Başlangyjy2-nji bölüm3-nji bölüm, 4-nji bölüm, 5-nji bölüm, 6-njy bölüm, 7-nji bölüm, 8-nji bölüm, 9-njy bölüm

— Aň asty aňymyzyň ynanjynyň güýjüne — diýip, ýaş ýigit gaýtalady. — Düşünemok, biziň ynanjymyzyň maddy üpjünçiligimize nähili täsiri bar?
— Eger güýçli bir adam galdyryp bilmejegine ynanýanlygy sebäpli kiçijik galamy galdyryp bilmeýän bolsa, onda «bu maňa düýbünden başartmaz» diýýän adamyň baýamak mümkinçiligi nähili bolar öýdýäňiz?
On bäş ýyl mundan ozal işlerim gaty ugrunady. «Öň hatarda barýardym» diýsem-ä ýalançy, ýöne özümi ýeterlik derejede üpjün hasaplaýardym. Ýöne günlerde bir gün hiç kime gerekmejek adama öwrüldim galaýdym, gelýän girdeýjilerimden kesilip, ähli zadymy girewine goýdum. Näme etmelidigini düýbünden göz öňüme getirip bilemokdym. Onsoň bir gije ukym tutman, derýanyň kenaryna gezelenje çykdym. Ine, şo taýda-da durmuşymy bütinleý üýtgeden adama duşdum… şol garry hytaýla.
— Soň näme boldy? — diýip, ýaş ýigit garry barada bir zatlar biljek bolup, gyssanmaç sorady.
— Ol maňa bir zat aýtdy, ony bütin ömrüme ýadymdan çykarman: «Islendik şowsuzlyk ýany bilen özi ýaly, ýa-da ondanam uly rowaçlygyň düwünçegini alyp gelýär».
— Ol muny maňa-da aýtdy — diýip, ýaş ýigit tassyklady.
— Şol wagt muňa düşünmändirin — diýip, jenap Epplbi boýnuna aldy. — Ýöne işimi ýitirip, çykgynsyz ýagdaýa düşenimden soň munuň maňa haýry degdi. Häzir yzyma göz aýlaýaryn welin, munuň meniň bilen bolup geçen zatlaryň iň gowusydygyna göz ýetirýän, sebäbi bu ýagdaý durmuşymy üýtgetmäge mejbur etdi. Eger şol wagt çykgynsyz ýagdaýa düşmedik bolsam, men hiç wagtam durmuşymy üýtgetmäge meýil etmezdim.
Men hemişe-de öz işimiň bolanyny, öz-özüme hojaýyn bolanymy isleýärdim, ine, şol hiç kime gerekmez bolmagym hem öz meýillerimi amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Hakyky Baýlygyň syrlaryny öwrenenimden soň, men öýümde menejment boýunça maslahat berip ugradym hemem bir ýylyň içinde öňki alýan girdeýjimden ep-esli geçirdim.
— Oýun edýäňizmi? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Siz näme, öz üstünligiňize Hakyky Baýlygyň syrlaryny bilenimden soň ýetdim diýjek bolýaňyzmy?

(dowamy bar)

26.07.2022 19:46
18k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (41-nji bölüm, soňy)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

23.07.2022 23:43
11k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (40-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

20.07.2022 18:19
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

16.07.2022 13:15
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (38-nji bölüm)