Özbegistan 16-njy martdan başlap daşary ýurtly syýahatçylara gapylaryny açdy

  • 18.03.2022 00:04
  • 15k+

16-njy martda Özbegistan, daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň akymyny tiz dikeltmek maksady bilen, döwlet serhedinden erkin geçmek boýunça girizilen çäklendirmeleri aradan aýyrdy. Bu karary Respublikan iş topary kabul etdi.

«Koronawirus ýokanjyna garşy edilen waksinalaryň pasporty/sertifikaty bar bolan ýagdaýynda ähli adamlara ýurda PZR-testsiz girmäge rugsat berilýär. Gelýän adamlaryň waksinasiýa baradaky pasporty/sertifikaty bolmadyk ýagdaýynda, olaryň ýanlarynda PZR-testiň (elektron QR-kodly) 72 sagadyň içinde anyklanan otrisatel netijesi bolmalydyr, ýa-da serhetden geçenlerinde, ýa- bolmasa Özbegistan respublikasynyň çägine giren dessine ekspress test tabşyrmalydyrlar» diýip, resminamada aýdylýar.

Özbegistanyň we Gazagystanyň serhetleriniň ähli ýerüsti geçiş nokatlarynda Gazagystanyň we Özbegistanyň raýatlaryny erkin geçirmek boýunça ähli çäklendirmeleriň aýrylandygy aýratyn nygtalýar.
Şonuň ýaly-da, Özbegistanyň Täjigistan bilen serhediniň ýerüsti geçiş nokatlarynda adamlaryň gelmeginde we gitmeginde bellenen wagtlaýyn çäklendirmeler aýrylýar. 


düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......