«Willareal» «Ýuwentusy» ýeňip, Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy

  • 17.03.2022 13:55
  • 5.7k+

«Willareal» ispan futbol kluby Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Italiýanyň «Ýuwentus» klubundan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Turin şäherinde geçirildi.

Gollary Herard Moreno (77-nji minut), Po Torres (85), Arno Danžuma (90+2, pen.) geçirdi. Klublaryň arasyndaky birinji duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. «Willarealyň» çärýek finaldaky garşydaşy 18-nji martda geçiriljek bije çekilşikde belli bolar.


düýn 12:47
5.6k+

Aşraf Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy diýlip ykrar edildi

“Pari Sen-Žermeniň” marokkoly goragçysy Aşraf Hakimi Afrikada 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Marokkonyň Rabat şäherinde geçirildi. Baýraga “Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah we “Galatasaraýyň” oýunçysy Wiktor Osimhen hem dalaş edipdi...

düýn 12:37
4.9k+

Globe Soccer Awards 2025-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin baýraga dalaşgärleri aýtdy

2025-nji ýylyň Globe Soccer Awards futbol baýragynyň esasy kategoriýalarynda dalaşgärler belli boldy. Guramaçylar dürli kategoriýalarda baýrak üçin dalaş etjek futbolçylaryň, tälimçileriň we klublaryň sanawyny yglan etdi...

düýn 11:31
4.7k+

DÇ-2026 üçin yklymara pleý-off oýunlarynyň garşydaş toparlary kesgitlendi

Sýurihde 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin yklymara pleý-off oýunlarynyň bije çekilişi geçirildi. Bu oýunlaryň netijesinde ýaryşyň ýene iki gatnaşyjysy belli bolar. Bije çekilişigiň netijesi: Ýol 1 ·Ýarym final:...

düýn 11:28
5.3k+

Italiýa, Ukraina we Polşa DÇ-2026-a çykmak üçin pleý-off oýunlarynda garşydaşlaryny bildi

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Ýewropadaky saýlama ýaryşynyň pleý-off oýunlarynyň bije çekilişiginiň netijesi belli boldy. Bije çekilişik Sýurihde Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ştab-kwartirasynda geçirildi...