Belarusuň Prezidenti Türkmenistanyň täze saýlanan Baştutanyny gutlady

  • 17.03.2022 09:40
  • 8k+

16-njy martda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen Lideri 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi hem-de öz işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belledi.

Prezident Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen mähirli gutlap, iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň häzirki Baştutanynyň Belarus Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen syýasy ugruny dowam etjekdigini belledi. Taryhyň dowamynda Belarus bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Bu gatnaşyklar halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......