Täze anten oturdylandan soň, Eýfel diňiniň beýikligi 330 metre ýetdi

  • 16.03.2022 18:40
  • 9.8k+

Täze anten goýlandan soň, Eýfel diňiniň beýikligi 6 metr artyp, 330 metre ýetdi. Bu barada sişenbe güni diňiň Twitterinde habar berildi.

«Beýikligi 6 metrlik täze anten sanly radio üçin signallaryň geçirilişini gowulandyrar. Anten öňki oturdylan tolkun ýaýradyjylaryň üstüni ýetirer we paýtagtyň sebitiniň 12 mln ilaty üçin 30 sany teleýaýlymy alyp görkezmäge we 32 radiostansiýany eşitdirmäge mümkinçilik berer» — diýip habarda aýdylýar.

Täze gurluş diňiň çür depesine dikuçaryň kömegi bilen oturdyldy. Bu işiň özi 15 minut wagt aldy, emma oňa «tas bir ýyllap» taýýarlyk gördüler. Beýiklikdäki işleri amala aşyrmak üçin ulanyljak ähli usullary Parižiň häkimligi, medeniýet ministrligi we polisiýanyň ýolbaşçylary bilen ylalaşmaly boldy. Agramy 350 kg-lik anteni oturtmak işiniň bahasy 1 mln. ýewro düşdi.

Ondan öň Eýfel diňiniň enjam bilen üstüni ýetirmek 2000-nji ýylda amala aşyrylypdy. Şonda çür depä sanly teleýaýlym üçin anten oturdylypdy.

Parižiň merkezinde ýerleşen bu meşhur diň inžener Gustaw Eýfeliň taslamasy boýunça 1889 ýylyň bütindünýä sergisine bagyşlanyp guruldy, ol hem öz gezeginde Fransuz rewolýusiýasynyň ýüz ýyllygyna gabatlandy. Şol wagt onuň beýikligi 312 metr bolup, soň ony beýgeldip, 324 metre ýetirdiler.

Gurluşyk işleri 1887 ýylyň ýanwarynda başlapdy we 2 ýyl, 2 aý, 5 gün dowam edipdi. Deslap diň wagtlaýyn desga bolmaly edilenem bolsa, Eýfel öz döredijiliginiň dürli fiziki tejribeler, aýratynam radioaragatnaşyk bilen bagly tejribeler üçin uly ähmiýetiniň bardygyny subut etdi.


16.04.2026 11:08
2.4k+

Selin Dionyň Pariždäki konsertleri ýurda 1,2 mlrd ýewro girdeji getirip biler

Selin Dionyň sentýabr we oktýabr aýlarynda Parižde geçirjek 16 konsertden ybarat bolan täze döredijilik sapary şäheriň syýahatçylyk pudagyna güýçli ykdysady itergi berer diýlip garaşylýar. Ekspertleriň baha......

16.04.2026 10:56
3.3k+

2,6 mln öwüşginli Lissabon halkara şäherler reýtinginde iň reňbe-reň şäher boldy

Portugaliýanyň paýtagty Lissabon 2,6 milliondan gowrak üýtgeşik reňk öwüşginini görkezip, dünýäniň iň reňbe-reň şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi....

15.04.2026 08:15
1.2k+

Sanlylaşdyrma we medeni miras: «Turkmentravel – 2026» sergisi we forumy nähili geçýär

Habar berşimiz ýaly, Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bu çäre türkmen we daşary ýurtly syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň arasynda göni......

14.04.2026 21:49
6.7k+

Daşkentdäki Yslam siwilizasiýasynyň merkezi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbegistandaky Yslam siwilizasiýasy merkezi dünýäde «Yslam siwilizasiýasynyň iň uly muzeýi» diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....