Gyrgyzystanda hökmany örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy

  • 15.03.2022 18:14
  • 362

Gyrgyzystanda 12-nji martdan saglygy goraýyş edaralaryndan we jemgyýetçilik ulaglaryndan daşary örtük dakynmak düzgüni ýatyrylýar. Bu barada Ministrler Kabinetinde habar berildi.

Onuň maglumatlaryna görä, ýokary okuw mekdeplerinde, orta ýörite okuw mekdeplerinde we beýleki umumy bilim edaralarynda okaýanlar we mugallymlar üçin, söwda merkezlerinde, restoranlarda, kafelerde, naharhanalarda, bazarlarda, muzeýlerde, sport klublarynda, kitaphanalarda hökmany örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy. 

Saglygy goraýyş ministrligine gyzyklanýan döwlet edaralary bilen bilelikde 12-nji martdan bar bolan algoritmlere we görkezmelere zerur üýtgetmeleri girizmek tabşyryldy.

Şeýle-de bolsa, saglygy goraýyş edaralarynda (döwlet, munisipial we hususy) hem-de jemgyýetçilik ýolagçy ulaglarynda lukmançylyk örtüklerini dakynmagyň zerurdygy nygtaldy.

Raýatlara COVID-19-yň we beýleki ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen adamlaryň köp üýşen ýerlerinde, uly söwda merkezlerinde, bazarlarda, köpçülikleýin çärelerde meýletin esasda örtük düzgünini berjaý etmek maslahat berilýär. 


23.05.2025 12:05
1.9k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.8k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...