Ukrainada okaýan türkmen talyplary Polşanyň üsti bilen Türkmenistana getiriler

  • 12.03.2022 10:40
  • 23k+

13-nji martda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Polşanyň Warşawa şäherinden Türkmenabat şäherine ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar. Ol Ukrainada emele gelen çylşyrymly ýagdaý sebäpli, bu ýurtda bolýan türkmen talyplaryny howpsuz ýagdaýda ýurdumyza getirmek maksady bilen guralýar.

Ýeri gelende bellesek, 10-njy martda Rumyniýanyň Buharest şäheriniň Halkara howa menzilinden Türkmenabatdyň Halkara howa menziline ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň T5 3286 belgili ýörite gatnawy arkaly 282 raýatymyz Türkmenabat şäherine getirilip, olaryň Türkmenistana getirilmegi mugt amala aşyryldy hem-de ýurdumyzyň diplomatik gulluklary tarapyndan raýatlara ähli hyzmatlar berildi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......