«EKSPO — 2020-niň» çäklerinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan forum geçirildi

  • 11.03.2022 09:46
  • 13k+

10-njy martda Aşgabatda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Maslahat Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guraldy. Foruma döwlet düzümleriniň wekilleri, işewürler, iri syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu ugurda ýöriteleşen bilermenleri gatnaşdylar.

Syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak we pugtalandyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek hem-de ilerletmek Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guran forumynyň baş maksady boldy.

Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni hem-de häzirki döwrüň binagärlik ýadygärlikleri, halkymyzyň maddy däl medeni mirasy, şeýle hem döwletimiziň syýahatçylyk pudagy bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Duşuşyga gatnaşyjylara ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikler boýunça geçýän syýahatçylyk ugurlary barada doly maglumat almaga mümkinçilik döredildi.

Sanly ulgam arkaly goşulyşan daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeni syýahatçylygynyň mümkinçilikleri boýunça öz garaýyşlaryny paýlaşdylar.


düýn 09:50
3.9k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......