Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

  • 11.03.2022 09:44
  • 15k+

10-njy martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Türkmen Lideri döwletara gatnaşyklar baradaky meselä degip geçip, strategik häsiýetli uzak möhletleýin türkmen-türk hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, dost-doganlyk gatnaşyklary esasynda yzygiderli we işjeň ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hemişe özara hormat goýmak, doly düşünişmek we birek-birege ýakyndan goldaw bermek tejribesine eýerýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkiýede türkmen Lideriniň alyp barýan köptaraply işlerine, geçirýän giň gerimli özgertmelerine ýokary baha berýärler we goldaýarlar, şol özgertmeler türkmenistanlylaryň durmuşyny düýpli özgertdi hem-de türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, onuň halkara derejedäki abraýynyň artmagyna kuwwatly itergi berdi.

Şeýle hem myhman 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlarynyň Türkmenistana hem-de türkmen halkyna abadançylyk getirmegini arzuw etdi.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......