Berdimuhamedow Hökümetiň geçen iki aýdaky işiniň jemlerini jemledi

  • 05.03.2022 09:11
  • 8.4k+

4-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi hem-de döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, türkmen Lideri geçen iki aýda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijeleriniň döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanýar. Geçen iki aýda oba hojalygynda ösüş depgini 3,2 göterim, söwda ulgamynda 8,8, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4 göterim boldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryna golaý bolan, aglabasy durmuş maksatly dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Şol desgalaryň jemi bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan böleginiň gurluşygyny bolsa ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama guramalary alyp barýar.

Häzirki döwürde biz dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, gazanan ösüş depginimizi saklap galmalydyrys. Şu ýyl alyp barmaly işlerimiziň maksatnamasyny bolsa ýakynda tassykladyk. Indi şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň üstünde netijeli işlemelidiris diýip, döwlet Baştutany nygtady.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......