20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

  • 05.03.2022 09:06
  • 5.2k+

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Bu baradaky degişli Karara Hökümetiň 4-nji martda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek boýunça döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy. Türkmen Lideriniň Karary bilen, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......