Berdimuhamedow Ermenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

  • 05.03.2022 09:05
  • 5.7k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Waagn Haçaturýana Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen Lideri şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Waagn Haçaturýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Ermenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýeri gelende bellesek, Ermenistanyň parlamenti Waagn Haçaturýany ikinji tapgyrda iň ýokary döwlet wezipesine saýlady. Ol bilimi boýunça ykdysadyýetçi bolup, 1992 — 1996-njy ýyllarda Ýerewan şäheriniň häkimi wezipesinde işledi. 2021-nji ýylyň awgustynda bolsa Ermenistanyň ýokary tehnologiýalar senagaty ministri wezipesine bellenildi. Haçaturýan 10 günden soňra kasam kabul edip, Prezidentlik wezipesine girişer.


03.05.2026 12:23
8.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
11k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......