Awstraliýalylar dünýäde ilkinji tükeniksiz otlyny oýlap tapdylar

  • 05.03.2022 08:48
  • 16k+

Awstraliýanyň Fortescue Metals Group magdan çykaryjy kompaniýasy dünýäde ilkinji tükeniksiz otlynyň taslamasyny oýlap tapdy. Ol grawitasiýa energiýasynyň hasabyna işlär. Daşamalardan hiç hili zyňyndy galmaz.  Bu barada Fortescue edinen Williams Advanced Engineering britan kärhanasynyň saýtynda aýdylýar.

Taslama Infinity Train diýip at aldy. Demir magdanynyň daşaljak täze otlusy dizel ýangyjy bilen işlemez. Onuň akkumulýatorlary grawitasiýanyň energiýasyndan güýç alar — magdanyň ýapgyt boýunça aşak goýberilýändigi sebäpli otla goşmaça güýç almak gerek bolmaz. Bu oýlanyp tapylan tär agyr senagat sektorynda zyňyndylaryň derejesini azaltmaga ýardam eder. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, otly 2030 ýyla çenli zyňyndylaryň derejesini nola deňlemek ugrundaky maksada ýetmäge kömek eder, şeýle hem çykadajylaryň möçberini azaldyp, kärhananyň öndürijiligini ýokarlandyrar.

«Akkumulýatorlaryň ýokary netijeli ulgamy biziň işimiziň esasyny düzýär we häzir biz Fortescue-nyň maşgalasynyň bir bölegi bolup durkak bu täze tehnologiýalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär — biz bilelikde klimaty üýtgetmegiň meselelerini  çözýäris» — diýip, WAE Kreýg Uilson-nyň ýerine ýetiriji direktory mälim edýär.


düýn 12:35
1.6k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.8k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......