Makron Fransiýanyň prezidenti wezipesiniň ikinji möhletine dalaş eder

  • 04.03.2022 17:07
  • 5k+

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron prezidenligiň ikinji möhletine dalaş etmek niýetiniň bardygyny tassyklady. Onuň ýüzlenmesini BFM telekanaly habar berýär.

«Täze prezident mandatyny almak üçin ynam bildirmegiňizi haýyş edýärin» diýip, Makron öz ýüzlenmesinde aýdýar. Prezident saýlawlarynda Makronyň öz kandidaturasyny öňe sürmelidigi barada öň habar berlipdi. Prezident öz meýilleri barada fransuz habar beriş serişdeleriniň üsti bilen habar bermeli bolar. Syýasatçy soň muny Konstitusion maslahatda yglan eder.

Şondan öň Fransiýanyň prezidentligine dalaşgär, «Milli birleşik» sagçy partiýasynyň wekili Marin Le Pen özüniň saýlawlaryň öňýanyndaky işjeňligini togtadýandygyny mälim etdi. Syýasatçy bu ýagdaýy prezidentlige saýlanmak üçin özüne fransuz deputatlarynyň «kyrkdan sähel agarak golunyň» ýetmeýändigi bilen düşündirýär. Fransiýada prezident saýlawlary aprel aýynda iki tapgyrda — aýyň 10-na we 24-ne geçer. Dalaşgärler anna gününe çenli hasaba alynmak kadasyndan geçmelidirler.


31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

24.04.2026 21:42
14k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......