Apple Russiýada önümleriniň satuwyny togtatdy we serwisleriň işini çäklendirdi

  • 03.03.2022 17:00
  • 8.6k+

Apple kompaniýasy Russiýada önümlerini satmagy bes edýär we hyzmatlaryň işini çäklendirýär. Bu barada kompaniýanyň beýannamasynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Biz Russiýada ähli harytlarymyzyň satuwyny bes etdik. Geçen hepde biz ýurtdaky distribýutorlarymyza eksporty togtatdyk. Apple Pay-iň we beýleki hyzmatlaryň ulanylmagy çäklendirildi. RT News we Sputnik News programmalary Russiýanyň çäginden daşary App Store-den ýüklemek üçin elýeterli däl. Biz ukrainaly raýatlar üçin howpsuzlyk çäresi hökmünde Apple Maps-de trafigiň görkezilmegini we bolup geçýän wakalaryň habar berilmegini aýyrdyk” – diýlip, beýannamada aýdylýar. 

Apple-iň Russiýada resmi saýtynda harytlary satyn almak mümkinçiligini ýapandygyna TASS-yň habarçysy göz ýetirdi. Ähli harytlarda “eltip bermek” sütüninde “häzirki wagtda elýeterli däl” diýlip görkezilýär.
Häzirki wagtda resmi saýtda iPhone, iPad, MacBook, Apple Watch, AirPods we “akylly” öý üçin harytlary satyn almak mümkin däl.
24-nji fewralda ABŞ Ukrainada ýörite harby hereketleriň başlamagy bilen baglylykda Russiýa üçin mikroelektronikany, şeýle-de awionikany we howa gämileri üçin bölekleri eksport etmäge ygtyýarnama almak düzgünlerini güýçlendirdi.


01.02.2026 12:21
1.8k+

Apple birnäçe ýurtlarda App Store-daky oýunlaryň we programmalaryň bahalaryny gymmatladýar

Apple kompaniýasy dokuz sany ýurtda programmalaryň we programma içindäki satyn alyşlaryň bahalaryny üýtgetmek barada karara geldi. Bu barada kompaniýa işläp düzüjilere iberen ýörite habarnamasynda mälim etdi. Bahalardaky üýtgeşmeler eýýäm güýje girdi we täze aýda ýene-de goşmaça düzedişleriň girizilmegine garaşylýar...

01.02.2026 12:03
1.7k+

Pursatdan peýdalanjak diýseňiz: Apple Music üç aýlyk mugt abuna sowgat edýär

Apple kompaniýasy täze ulanyjylaryň adaty bir aýyň ýerine üç aýlap «Apple Music» ulgamyna mugt girmegine mümkinçilik berýän aksiýany yglan etdi. Bu başlangyç, Apple-iň resmi hemaýatçy hökmünde çykyş edýän «Superboul» sport we şou dabarasyna bagyşlanýar...

29.01.2026 07:06
5.3k+

Bahasy tas 30% arzanladylandan soň "şowsuz" iPhone Air Hytaýda derrew satylyp gutardy

Hytaýda iPhone Air modeliniň bahalarynyň ep-esli peselmeginden soň satuwlar düýpli üýtgedi. Meşhur JD.com internet bazarynda smartfonyň 256 GB ýatly wersiýasy eýýäm "satylyp gutardy" diýlip görkezilýär. Önümiň maglumat sahypasynda enjamyň täzeden satyn alynma (getirilme) tapgyryndadygy we eltip berme möhletleriniň fewral aýyna süýşürilendigi bellenilýär...

28.01.2026 14:29
3.7k+

Apple garaşylmadyk ýagdaýda iPhone-nyň könelişen modelleri üçin möhüm täzelenme çykardy

Apple kompaniýasy iPhone 5s we iPhone 6 ýaly könelişen modeller, şeýle hem iOS 12 operasion ulgamynda işleýän beýleki enjamlar üçin iOS 12.5.8 täzelenmesini çykardy. Bu smartfonlaryň satuwa çykarylyp başlanyna eýýäm on ýyldan gowrak wagt geçdi...