Türkmenistanda harby ulgama degişli kanunlar kämilleşdiriler

  • 03.03.2022 09:53
  • 20k+

Türkmenistanda “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky”, “Goranmak hakyndaky”, “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky”, “Gümrük gullugy hakyndaky” Kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar giriziler. Bu barada 2-nji martda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde türkmen Lideri aýratyn belledi.

Hususan-da, döwlet Baştutany goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, harby özgertmeleri hem-de bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini nygtap, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasatynyň çäklerinde harby özgertmeleri geçirmegi we bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam edip, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky”, “Goranmak hakyndaky”, “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky”, “Gümrük gullugy hakyndaky” Kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Jenaýat kodeksiniň kadalaryny we düzgünlerini kämilleşdirmek boýunça hem işleri dowam etdirmek zerurdyr. Kiberjenaýatçylyga, internet we maglumatlary goramak ulgamlaryndaky jenaýatçylyga garşy göreşmek işlerine hem aýratyn üns berilmelidir.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......