Toyota Ýaponiýadaky ähli zawodlarynda önümçiligi gaýtadan dikeltdi

  • 02.03.2022 14:14
  • 9k+

Iň uly ýapon awtokonserni Toyota Motor Ýaponiýadaky ähli zawodlarynyň işini togtamadan soň gaýtadan dikeltdi. Bu barada kompaniýanyň habarynda aýdylýar diýip, TASS belleýär.

“Biz müşderilerimize, üpjün edijilerimize we beýleki gyzyklanýan taraplara zawodlaryň işiniň duýdansyz togtadylmagy sebäpli ýetirilen oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýarys. Biz awtomobilleri müşderilerimize mümkin boldugyndan çalt eltip bermek üçin elimizden gelenini ederis” – diýlip, konserniň beýannamasynda aýdylýar.

28-nji fewralda Toyota Ýaponiýadaky ähli 14 zawodynyň we 28 önümçilik liniýasynyň işiniň 1-nji martdan togtadyljakdygyny mälim etdi. Resmi sebäp hökmünde ýerli üpjün edijileriň ulgam işindäki näsazlyklar bellenildi. Şol bir wagtyň özünde, Ýaponiýanyň NHK teleýaýlymynyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, şeýle çözgüt kompaniýanyň iň uly hyzmatdaşlaryna we üpjün edijilerine kiber hüjümler bilen baglanyşykly bolmaly. 


düýn 21:54
2.2k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......