240 Gs displeýli Redmi monitory hödürlendi

  • 02.03.2022 14:13
  • 6.6k+

Birnäçe ýyl mundan ozal Redmi brendi özüniň ilkinji monitory Redmi Display 1A-ny bazara çykardy. Şondan bäri kompaniýa bazara täze modelleri yzygiderli çykarýar. 

Düýn kompaniýa 4-nji martdan, takmynan, 250 dollar baha bilen satylyp başlanjak täze oýun monitoryny hödürledi. Täze Redmi monitor 240 Gs täzelenme ýygylygy bilen Full HD ekran durulykly 23,8 dýuýmlyk displeý bilen enjamlaşdyryldy. Kompaniýa monitoryň FAST IPS tehnologiýasyny ulanýandygyny we 1 ms jogap wagtynyň bardygyny habar berýär.
Şeýle-de, onuň AMD FreeSync Premium sertifikaty bolup, 100% sRGB reňk gammasyny öz içine alýar, DC Dimming tehnologiýasyny göterýär we gök reňkden goramak üçin sertifikatlaşdyrylandyr. Dizaýn barada aýdylanda, täze 23,8 dýuýmlyk Redmi oýun monitorynyň üç tarapynda inçe çarçuwa bar. Monitor dikligine we öwürme boýunça sazlama mümkinçiliklerine hem eýe, şol sebäpli monitory portret ýagdaýynda hem ulanyp bolar. 
Monitor iki sany HDMI 2.1 porty we bir DisplayPort 1.2, şeýle-de 3,5 mm gulaklyklar üçin ýer bilen üpjün edildi.

düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
4.8k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......