Teslanyň eýeleriniň bir topary üçin set elýeter bolmaz

  • 27.02.2022 09:24
  • 3k+

3G modemler bilen enjamlaşdyrylan köne Tesla awtoulaglary 3G setleri öçürilen ýagdaýynda aragatnaşykdan üzňe galarlar diýip, Electrek portal mälim edýär, Gazeta ru-a salgylanýan Day.Az. habar berýär.

Tesla Model S-iň amerikaly eýelerine ýollan hatynda 2015-nji ýylda goýberilen elektromobilleriň 2022-nji ýylyň 22-nji fewralyndan başlap sete çatylmagyny bes etjekdigini aýtdy. Bu ýagdaý AT&T amerikan operatorynyň, LTE-iň we 5G-iň bähbidine, üçünji nesliň setlerini goldamagyny bes edýändigi bilen düşündirilýär. Basym beýleki operatorlar hem 3G-den ýüz öwrerler.

Seti öçürilen ulanyjylar elektromobilleriniň klimat-kontrolyny, açar-gulplaryny we sazlaýyş ulgamyny uzak aralykdan dolandyryp, nawigasiýa we trafik barada maglumat alyp, şeýle-de, üznüksiz hyzmatlara birigip hem-de programma üpjünçiligini täzeläp bilmezler.

Kompaniýa 3G modemleri bilen enjamlaşdyrylan Teslalaryň eýelerine 200$-a çiplerini has döwrebap 4G-li görnüşe çalyşmak maksady bilen, hyzmat ediş merkezlerine ýüz tutmagy teklip edýär.


10.08.2025 23:16
2k+

Bloomberg: Tesla Dojo superkompýuterini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan toparyny ýatyrdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki Tesla kompaniýasy Dojo superkompýuter taslamasy bilen meşgullanýan topary dargatdy. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, taslamanyň ýolbaşçysy Piter Bennon kompaniýadan gitmäge taýýarlanýar, onuň toparynyň azyndan 20 agzasy işden çykdy...

23.07.2025 15:08
6.1k+

Los-Anjelesde zarýad stansiýasy we retro-garbanyşhana bilen dünýäde ilkinji Tesla Diner toplumy açyldy

Los-Anjelesde zarýad stansiýasyny we 1950-nji ýyllaryň stilinde retro-futuristik garbanyşhanany özünde jemleýän dünýäde ilkinji Tesla Diner işläp başlady. Bu şäherde iň uly Tesla Supercharger toplumy bolup, onda NACS standartyny goldaýan ähli elektromobiller üçin 80 sany V4 zarýad porty elýeterlidir...

01.05.2025 20:04
9.1k+

WSJ: Tesla Ilon Maskyň ornuna täze baş direktory gözleýär. Kompaniýa maglumaty ret edýär

Tesla-nyň müdirler geňeşi bir aý öň kompaniýanyň baş direktory wezipesinde Ilon Masky çalyşmak barada maslahatlaşyp başlady. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär. Munuň sebäbi kompaniýanyň paýnamalarynyň pese gaçmagy we maýadarlaryň Maskyň Ak tamdaky işlere wagtyny köp sarp etmeginden nägile bolmagy boldy...

28.01.2025 12:03
6.8k+

Ilon Maskyň kompaniýasy Las-Wegasda Tesla üçin täze “metro” açdy

Ilon Maskyň The Boring Company kompaniýasy Las-Wegasda tunelleriniň täze şahasyny açdy. Bu şaha Tesla awtoulaglaryna ýokarky ýolda ulag dykynlary we awtoulag duralgasynyň ýetmezçiligi sebäpli, 25 minut töweregi...