Türkmenistanda bahar baýramlary mynasybetli medeni çäreler geçiriler

  • 26.02.2022 17:54
  • 6.1k+

25-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.

Hususan-da:

  • Halkara zenanlar gününiň, Milli bahar baýramynyň hormatyna dürli medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
  • Milli bahar baýramy mynasybetli esasy çäreleri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” hem-de welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de wise-premýer “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahaty we sergini geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bu çärelere şekillendiriş sungatynyň wekilleri gatnaşarlar.


şu gün 00:03
529

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......