Dalaşgär Hydyr Nunnaýew daşoguzly saýlawçylary öz maksatnamasy bilen tanyşdyrdy

  • 24.02.2022 08:15
  • 9.8k+

23-nji fewralda Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň kafedra müdiri Ç.Sylapow ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony syýasy taýdan sowatly, zähmetsöýer we göwnaçyk, mugallymçylyk işinde hem-de ýaş nesilleri terbiýelemekde, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde, ylmy-barlag işlerine höweslendirmekde ýeterlik tejribe toplan adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda ýurdumyzyň ähli ilatynyň durmuş-ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak meselelerine, dünýä ähmiýetli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamaga we giňden wagyz etmäge aýratyn üns berilýär.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3.2k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......