Babamyrat Meredow daşoguzly saýlawçylar bilen duşuşdy

  • 23.02.2022 02:35
  • 9.6k+

22-nji fewralda Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. Ol ýygnananlara bu duşuşyga gyzyklanma bildirendikleri üçin hoşallygyny beýan edip, özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Olaryň hatarynda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga yzygiderli gönükdirmek ýaly wezipeler bar.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň wekili B.Piriýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili — “Ynsan kalby” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Söýünowa söz berdi. Ol ýygnananlary B.Meredowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy. A.Söýünow dalaşgäriň işeňňirligini, tabşyrylan işe örän jogapkärli çemeleşýändigini, ýolbaşçy wezipede toplan tejribesini, belent adamkärçiligini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändigini belläp, ähli saýlawçylary saýlawlara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler bilen baglylykda, halk hojalygynyň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylar, täze ykdysady gatnaşyklar kemala geler. Durmuş hem-de ynsanperwer-medeni ulgamlar mundan beýläk-de depginli ösüşe eýe bolar.

Soňra dalaşgär ýygnananlaryň sowallaryna jogap berdi. Sowal-jogaplaryň dowamynda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýola goýmak hem-de ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, şähergurluşyk syýasaty, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenilen ileri tutulýan wezipeleriň çözgüdi we beýlekiler barada durlup geçildi.

B.Meredow özüniň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda ähli tagallasyny, bilimini hem-de ukyp-başarnygyny Watanymyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine gönükdirjekdigine ynandyrdy.


düýn 22:55
714

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......