Senagatçylar we telekeçiler partiýasy Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärini hödürledi

  • 22.02.2022 08:46
  • 12k+

21-nji fewralda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowy hödürlemek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärä gatnaşyjylar dalaşgär Babamyrat Meredowyň terjimehaly bilen tanyşdyryldy. Ol 2001-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener-sistemotehnik hünäri boýunça tamamlap, 2012-nji ýylyň aprel aýyna çenli Daşoguz şäherindäki Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde informatika mugallymy bolup işledi. B.Meredow 2012-nji ýylyň oktýabryndan bäri “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetine ýolbaşçylyk edýär.

Çykyş edenler Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Babamyrat Meredowyň ýokary işewürlik-guramaçylyk ukyplary barada aýtdylar. Gurultaýa gatnaşyjylar bitirýän hyzmatlaryny nazarda tutup, B.Meredowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky çözgüdi kabul etdiler.


düýn 20:55
1.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......