19-njy martda Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçiriler

  • 22.02.2022 12:46
  • 7.1k+

19-njy martda Türkmenistanda ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçiriler. Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça geçiriljek bu çärä görülýän taýýarlyk işleri hakynda 21-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer E.Orazgeldiýew hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek boýunça döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ýazky möwsümde ekiljek bag nahallaryny we olaryň ekiljek ýerlerini möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......