Türkmenistanyň we Özbegistanyň muzeý işgärleri Teýmirler döwrüniň tapyndylaryny öwrenerler

  • 21.02.2022 17:24
  • 8.4k+

Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Teýmirleriň taryhynyň döwlet muzeýiniň we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň wekilleriniň arasynda “Teýmirler döwrüniň keramatly zatlaryny we arhitektura ýadygärliklerini öwrenmek we dikeltmek” mowzugy boýunça wideokonferensiýa geçirildi. Bu barada “Dunýo” habarlar agentligi habar berýär.

Wideokonferensiýa Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Özbegistana eden resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäginde guraldy. Konferensiýada Teýmirler döwrüniň keramatly zatlaryny we arhitektura ýadygärliklerini öwrenmek we dikeltmek boýunça hyzmatdaşlygyň perspektiwalary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Munda Özbegistanyň we Türkmenistanyň muzeý çärelerine özara gatnaşmak, dürli bilelikdäki sergileri guramak we ylmy tejribeler bilen paýlaşmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu çäräniň ahyrynda Özbegistanyň Teýmirleriň taryhynyň döwlet muzeýi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekmäge taýýarlyk görmek barada ylalaşdylar.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....