Germaniýada 20-nji marta çenli antikowid çäreleriniň aglabasy ýatyrylýar

  • 20.02.2022 12:53
  • 4.6k+

Federal ýerleriň ýolbaşçylary Germaniýanyň kansleri Olaf Şols bilen bilelikde 16-njy fewralda COVID-19-yň ýaýramagy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeleri kem-kemden gowşatmagyň meýilnamasyny ylalaşdylar diýlip, ýurduň hökümet baştutanynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Kesel hadysalarynyň gündelik sanynyň azalmagy, şeýle-de GFR-iň raýatlarynyň öz saglygyna jogapkärli garamagy Şolsa federal ýerleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde koronawirus çäklendirmeleriniň sanyny kem-kemden azaldyp başlamaga mümkinçilik berdi. Bu ilatyň jemgyýetçilik, medeni we ykdysady durmuşyna degişlidir. 

3-nji fewralda Germaniýada soňky bir günde koronawirus bilen kesellemegiň 236 müňden gowrak hadysasynyň hasaba alnandygy we onuň pandemiýa başlany bäri iň ýokary görkeziji bolandygy belli boldy.

Dekabr aýynyň ahyrynda Germaniýanyň kansleri Olaf Şols ýurtda “omikron” ştammynyň çalt ýaýraýandygy sebäpli koronawirus pandemiýasynyň bäşinji tolkunynyň bolup biljekdigini we täze tolkunyň öňkülerden agressiw boljakdygyny aýtdy.


26.01.2026 12:25
3.8k+

Mýunhende Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goşant goşan nemes lukmanlar sylaglandy

Mýunhende germaniýaly lukmanlaryň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ol şäheriň taryhy «Baýrişer Hof» otelinde boldy. Bu çäre ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy...

05.12.2025 17:46
4.7k+

Germaniýanyň Geýdelberg klinikasynyň professory türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýar

Germaniýanyň Geýdelberg uniwersitet klinikasynyň professory Arianeb Mehrabi türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Dünýä belli klinikanyň lukmany Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp gördi we ol ýerde böwregi transplantasiýa edilen näsaglary lukmançylyk barlagyndan geçirdi...

07.10.2025 06:30
8k+

Nemes professorlary Türkmenistanyň lukmançylyk merkezlerine baryp, olaryň işine baha berdiler

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň professor-lukmanlary Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde ýerli hünärmenler bilen öz tejribelerini paýlaşýarlar. Olar paýtagtymyzdaky we Arkadag şäherindäki saglyk merkezlerinde bolup, bilelikde näsaglaryň saglygyny bejermek işlerine gatnaşýarlar...

23.05.2025 12:05
2.2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...