BSGG pandemiýanyň haçan tamamlanjakdygy barada aýtdy

  • 15.02.2022 19:39
  • 22k+

COVID-19 pandemiýasynyň “ýiti döwri” ýylyň ortalaryna çenli her ýurduň ilatynyň 70%-ine sanjym etmek maksadyna ýetilen halatynda şu ýyl tamamlanyp biler diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçsy Tedros Adhanom Gebreýesus BSGG-niň ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisinde aýtdy. Ýöne onuň aýtmagyna görä, “omikron” iň soňky ştamm ýa-da pandemiýa tamamlanýar diýip pikir etmeli däl. Gebreýesus global derejede täze ştammlaryň döremegi üçin amatly şertler bar diýip hasaplaýar. Muny Euronews-e salgylanyp, Day.Az ýetirýär.

Ýewropanyň käbir ýurtlarynda kadalaşma prosesi dowam edýär. Italiýada köçelerde hökmany örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy. Belgiýa hem 12 ýaşa çenli çagalardan açyk howada we ýapyk ýerlerde örtük talap etmegi bes eder we hökmany distansion işi ýatyrar. Bu karar pandemiýa bilen göreş boýunça komitetiň mejlisinden soň patyşalygyň hökümeti tarapyndan kabul edildi. Gijeki klublaryň açylmagy we barlarda hem restoranlarda çäklendirmeleriň aýrylmagy-da goldanyldy. 


düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......