Baku bilen Türkmenbaşy portlarynyň arasynda 23 476 ýük ulagy daşaldy

  • 13.02.2022 10:36
  • 5.6k+

“Bakuwyň halkara deňiz söwda porty” ÝGPJ geçen ýyl Baku porty arkaly geçirilen ýükleriň sany barada habar berdi diýip, Bakuwyň deňiz portunyň metbugat gullugy ýetirýär.

Hasabat döwründe uly göwrümli ulag serişdeleriniň daşalmagynyň 8,8% azalandygy habar berilýär. Baku portunyň üsti bilen 39 431 birlik tehnika (TIR) daşaldy, olardan 23 476 sanysy (59,5%) Baku-Türkmenbaşy-Baku ugry, 15 955 sanysy (40,5%) Baku-Kuryk-Baku ugry boýunça daşaldy. 

Mundan başga-da, metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, parom terminalynda wagonlaryň geçirilmegi 18,7% azaldy. Baku portunyň üsti bilen geçirilen wagonlaryň sany 30 426 birlik bolup, olardan 20 867 wagon Baku-Türkmenbaşy-Baku ugry (68,6%), 9 559 wagon Baku-Kuryk/Aktau-Baku ugry (31,4%) boýunça geçirildi.

Ýatlap geçsek, 2022-nji ýylyň başyndan iki gämi Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda gatnap başlady. Hazar deňziniň üsti bilen ikinji Hytaý-Ýewropa ugrunda transport yzygiderliligini ýokarlandyrmak maksady bilen gämileriň yzygiderli ulanylyşy ýola goýuldy. 


düýn 16:02
911

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......