Täze Samsung flagmany gaýtadan işlenen deňiz galyndylaryndan döredildi

  • 10.02.2022 19:09
  • 8.8k+

Samsung kompaniýasy Galaxy S22 hatarynyň flagman smartfonlaryny döretmek üçin deňiz galyndylaryny ulandy. Bu barada kompaniýa özüniň metbugat relizinde aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, iň soňky Galaxy S22 hatarynda taşlanylan balyk torlaryndan taýýarlanylan täze material ulanylýar. Kompaniýa täze materialyň nähili göteriminiň Galaxy S hatarynda ulanylýandygyny mälim etmedi.
Öňki maglumatlar smartfonuň korpusynyň aýnadan we metaldan ýasalandygyny görkezdi.

“Bu taşlanylan balyk torlary howp salyjy tizlik bilen biziň daşky gurşawymyzyň gowşak deňagramlylygyny bozýar. Balyk torlaryny ýygnamak we gaýtadan ulanmak ummanlarymyzy arassa saklamakda, şeýle-de planetany we kollektiw geljegimizi gorap saklamakda ilkinji möhüm ädimlerdir” – diýlip, metbugat relizinde bellenilýär.


düýn 16:01
971

Alymlar metandan dermanlyk madda almagy öwrendiler

Alymlar metany derman öndürmekde ulanyp boljak çylşyrymly himiki maddalara öwürmegiň täze usulyny işläp düzdüler. Bu baradaky barlag Science Advances žurnalynda çap edildi. Taslamanyň esasy üstünligi – taryhda ilkinji gezek metandan gönüden-göni dimestrol maddasynyň alynmagydyr...

03.03.2026 15:24
6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
10k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

26.02.2026 09:53
7.1k+

Samsung Galaxy S26 Ultra çykdy: Ekrany «ýaşyrýan» funksiýa we alýumin korpus

San-Fransiskoda geçirilen Galaxy Unpacked 2026 çäresinde Samsung kompaniýasy täze Galaxy S26 Ultra smartfonyny hödürledi. Bu flagman diňe bir kuwwatlylygy bilen däl, eýsem şahsy gizlinligi goramak ukyby bilen hem tapawutlanýar...