Gazagystan awtomobil eksportyny ep-esli ýokarlandyrdy

  • 10.02.2022 19:00
  • 11k+

2021-nji ýylyň 10 aýynyň jemi boýunça Gazagystandan 9 390 awtomobil eksport edildi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 74,9 göterim köpdür. Bu barada Gazagystanyň Statistiki komitetine salgylanyp, Trend habar berýär.

Oktýabr aýynyň jemi boýunça eksport 1 827 awtomobil boldy, bu bolsa 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 2,7 esse we 2021-nji ýylyň sentýabr aýyna garanyňda 29 göterim köpdür.
2021-nji ýylyň 10 aýynyň jemi boýunça ýeňil awtomobilleriň önümçiligi 61 754 awtomobil (19,2 göterim ösüş), import bolsa 82 382 awtomobil (2,4 esse ösüş) boldy.
Öz gezeginde oktýabr aýynda önümçilik 6 738 awtomobil boldy, bu 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 31 göterim we 2021-nji ýylyň sentýabr aýyna garanyňda 3,5 göterim azdyr. Oktýabr aýynda import 7 210 awtomobil boldy, bu bolsa degişlilikde 24,4 göterim we 3,6 göterim ösüşdir. 
Şolardan 134 746 awtomobil içerki bazarda satyldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 66,4 göterim köpdür.
Şeýle-de, içerki bazarda satuwyň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda 12 121 awtomobil bolandygy we munuň 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 18,6 göterim, 2021-nji ýylyň sentýabr aýyna garanyňda 7 göterim azdygy bellenilýär. 


23.04.2025 00:44
7.1k+

Ford 150% gümrük pajy sebäpli Hytaýa awtomobil eksportyny togtadýar

Ford 150%-e ýetýän ýokary gümrük nyrhlary sebäpli ABŞ-dan Hytaýa awtomobil ibermegini togtatdy. Çäklendirme ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara, pikaplara we sportkarlara, şol sanda Miçiganda öndürilen F-150 Raptor, Mustang, Bronco modellerine we Kentukkiden Lincoln Navigator modeline degişli boldy...

17.04.2025 01:05
8.2k+

Nyrhlaryň ýokarlanmagy sebäpli, iri awtoulag öndürijileri ABŞ-a ibermelerini togtatdylar

Mitsubishi Motors ýapon kompaniýasy hem Volkswagen, Stellantis, Audi we Jaguar Land Rover kompaniýalaryndan soň, ABŞ-a awtoulag ibermegi wagtlaýyn togtatdy. Munuň esasy sebäbi ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan girizilen täze gümrük paçlary diýip, «Motor1» neşiri habar berýär...

09.03.2025 21:51
7k+

BMW ýene-de ABŞ-nyň iň uly awtoulag eksportçysy boldy

BMW 2024-nji ýylda ABŞ-nyň iň uly awtoulag eksportçysy diýen derejäni täzeden eýeledi. «Carscoops» neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýanyň umumy eksportynyň bahasy 10,1 milliard dollara ýetdi. Bu üstünlikdäki esasy...

06.01.2025 16:23
15k+

Hytaý hemmelerden öňe geçip, dünýäde awtomobilleriň iň iri eksportçysy boldy

Hytaý ilkinji gezek Ýaponiýadan we Germaniýadan öňe geçip, dünýäde iň uly awtoulag eksportçysy boldy. Gavekal Research-iň berýän maglumatlary Hytaý kompaniýalarynyň daşary ýurtlarda 4,7 milliondan gowrak awtoulag...