Toshiba kompaniýasy ikä bölüner

  • 08.02.2022 15:55
  • 6.2k+

Ýaponiýanyň Toshiba elektrotehniki korporasiýasy öň yglan edilen meýilnama garamazdan, üç däl-de iki kompaniýa bölünmekçi bolýar. Bu öňki programmadan nägile bolan käbir paýdarlaryň islegleri bilen baglanyşykly diýip, Kyodo habarlar agentligi habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Toshiba 2023-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň 1-nji aprelinde başlaýar) üç aýratyn kompaniýa bölünmekçidigini aýtdy. Olaryň biri ýarym geçirijiler we beýleki elektron bölekler, ikinjisi, esasanam, elektrik stansiýalary üçin agyr senagat enjamy bilen meşgullanar, üçünjisi bolsa tutuş toparyň emlägini dolandyrar diýlip çaklanylýardy. Indi ykdysady we has netijeli menejment bähbidine ikinji we üçünji kompaniýalary birleşdirmek kararyna gelindi. 

“Nikkei” gazetiniň maglumatlaryna görä, bölmek meýilnamalary Toshiba-nyň ýolbaşçylygynyň dürli girdeji çeşmeleri we ösüş strategiýalary bolan kompaniýalary döretmek arkaly ähli toparyň kapitallaşdyrmasyny artdyrmak islegi bilen baglanyşyklydyr.

Soňky ýyllarda korporasiýa, hususan-da 2015-nji ýylda maliýe hasabatynyň galplaşdyrylmagy sebäpli dörän dawa we 2017-nji ýylda amerikan bölümçesiniň batmagy sebäpli çekilen ýitgiler bilen baglanyşykly çökgünligi başdan geçirýär. Şeýle-de, Toshiba-ny ýolbaşçylygy bilen birnäçe esasy paýdarlaryň arasyndaky gapma-garşylyk hem kyn ýagdaýa saldy.


30.01.2026 11:02
1.3k+

WSJ: SoftBank korporosiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýar

Ýaponiýanyň SoftBank korporasiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, ChatGPT-ni dörediji häzirki wagtda dürli maýadarlar bilen jemi 100 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini çekmek boýunça gepleşikleri alyp barýar...

27.01.2026 11:44
1.5k+

Samsung Ýaponiýada Android smartfonlaryň bazarynda ähli bäsdeşlerinden öňe geçdi

2025-nji ýylyň netijelerine görä, Ýaponiýada smartfonlaryň bölek satuwy boýunça Samsung kompaniýasy Android enjamlaryň bazarynda lider boldy. Bu baradaky maglumatlar ýurduň elektronika dükanlarynyň kassa terminallaryndan we iň iri onlaýn satyjylaryň hasabatlaryndan alyndy...

21.08.2025 16:33
2.2k+

SoftBank $2 mlrd möçberde maýa goýum bilen Intel-i çökgünlikden “halas edýär”

Ýaponiýanyň SoftBank maliýe konglomeraty Intel amerikan mikroprosessor öndürijisine 2 mlrd dollar maýa goýýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. SoftBank kompaniýanyň altynjy uly paýdary boldy...

26.02.2025 15:14
5.4k+

Sony Ýaponiýada ikinji iri kompaniýa boldy. Birinji - Toyota

Sony Group Corporation Ýaponiýada ikinji uly kompaniýa öwrüldi. Häzir onuň kapitalizasiýasy 152,36 mlrd dollar bolup, diňe Toyota kompaniýasyndan yza galýar. 1946-njy ýylda Tokyo Tsushin Kogyo ady bilen döredilen...