Daşkentiň «Mahallýalary» ÝUNESKO-nyň deslapky sanawyna girizildi

  • 07.02.2022 09:28
  • 4.2k+

Daşkentiň mahallýalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň deslapky sanawyna girizildi. Bu barada Özbegistan hökümetiniň metbugat gullugy Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň saýtyna salgylanyp habar berýär.

Özbegistanda “Mahallýa: şäher we welaýat durmuşy” taslamasynyň çäginde gadymy şäher kwartallarynyň taryhy görnüşini gorap saklamak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu taslama geçen ýyl 17-nji Wenesiýanyň arhitektura biennalesinde hödürlendi.

Özbegistanyň ýaşaýjylary üçin tanyş bolan mahallýa häzirkizaman megapolis şertlerinde gadymy şäher eko-binagärliginiň gaýtadan dikeldilmeginiň mysaly hökmünde günbatar jemgyýetiniň wekillerinde gyzyklanma döretdi. Daşkent mahallýalaryny öwrenmek bilen ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda Medeniýeti we sungaty ösdürmegiň gaznasynyň hünärmenler topary meşgullandy.

Daşkentiň gadymy Zarkaýnar köçesiniň abatlygyny goldap çykyş eden köpçüligiň başlangyjy bilen mahallýalaryň çäginde olaryň asyl görnüşini gorap saklamak maksady bilen täze gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek gadagan edilýär. Bu başlangyç paýtagt mahallýalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň deslapky sanawyna girmegine mümkinçilik beren faktorlaryň biri boldy.


03.06.2026 23:15
3.6k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

26.05.2026 19:02
7.4k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 09:51
3.7k+

Namangandaky halkara gül festiwaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen 65-nji halkara gül festiwaly, onuň guralmagy üçin bir aýyň dowamynda 29,4 milliondan gowrak ösümlik oturdylandan soň, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi....

24.05.2026 15:35
11k+

13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat......