Tesla ABŞ-da 817 müň awtomobili yzyna gaýtarar

  • 06.02.2022 12:28
  • 10k+

Elektokarlary öndüriji amerikan Tesla Inc howpsuzlyk kemeriniň ildirilmändigi baradaky ses signaly bilen baglanyşykly näsazlyk sebäpli 817 143 awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada INTERFAX.RU habar berýär.

ABŞ-nyň Ýollarda hereket howpsuzlygynyň milli edarasynyň (NHTSA) habarynda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň awtomobillerinde howpsuzlyk kemeriniň ildirilmändigi barada duýdurýan ses signaly hemişe işlemeýär. “Şu sebäpli awtomobiller mehaniki transport serişdeleriniň federal howpsuzlyk ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelmeýär” – diýip, edara ýazýar.

Yzyna gaýtarylýan awtomobilleriň arasynda 2021-2022-nji ýyllarda çykarylan Model S we Model X, 2017-2022-nji ýyllaryň Model 3s we 2020-2022-nji ýyllaryň Model Y ulaglary bar. Kompaniýa 1-nji aprele çenli görkezilen awtomobilleriň eýelerine habar iberjekdigini aýtdy. 


24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......