Türkmen kompaniýalary CAVEX II wirtual sergisine gatnaşýar

  • 06.02.2022 01:36
  • 4.2k+

Türkmenistan 17-nji ýanwardan 4-nji mart aralygynda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Wirtual EXPO» (CAVEX II) ikinji onlaýn sergisine gatnaşýar. Onda türkmen kompaniýalarynyň we döwlet edaralarynyň jemi 20-si öz önümçiligini görkezýär.

Russiýa we täze Garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça Ýapon assosiasiýasy Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň goldaw bermeginde wirtual gözden geçirişiň guramaçysy bolup çykyş edýär. Serginiň çäklerinde ýapon kompaniýalary bilen bilelikde maýa goýum webinarlary, pikir alyşmalar we işewürlik boýunça dürli çäreler geçirilýär. Onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri hem guralýar.

Ýeri gelende bellesek, serginiň çäklerinde 14 — 18-nji fewralda Türkmenistanyň günleri geçirilýär. Onuň dowamynda «Ýaponiýa bilen Tüürkmenistanyň arasyndaky söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly onlaýn maslahaty, «Ýaponiýa üçin CAVEX II-ä gatnaşýan türkmen kärhanalarynyň tanyşdyrylyşy» webinary we Türkmenistanyň kärhanalarynyň 3-sine wirtual syýahaty guramak meýilleşdirildi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:13
5.3k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......