Ogurlanan gadymy rim heýkeli Fransiýa gaýtarylyp berildi

  • 06.02.2022 00:54
  • 6.2k+

Ýiten sungat predmetlerini gözlemek bilen meşgullanýan gollandiýaly detektiw Artur Brand ýarym asyr mundan öň ogurlanan gymmatly gadymy rim bürünç heýkelini Fransiýa gaýtaryp berdi. Brand müşderileriniň biriniň kanuny taýdan satyn alan kiçijik Bahus heýkeliniň gelip çykyşyny anyklamagy haýyş edende, onuň yzyny tapandygyny aýtdy. Bu barada Euronews-e salgylanyp, Day.Az habar berýär. 

“Men bürünç heýkeliň hiç ýerde hasaba alynmandygyny anykladym. Şonda men 1927-nji ýylyň suratly gadymy katalogyny tapdym. Onda heýkeliň 1894-nji ýylda Fransiýada geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylandygy, soňra onuň muzeýe berlendigi aýdylýar. Soňra men şeýle pikirlendim: eger onuň ýeri muzeýde bolsa, onda bu gün nädip bu ýerde bolup bilýär?”.  

40 santimetrlik Bahus 1973-nji ýylyň ahyrynda Şatiýon kommunasynyň muzeýinden ogurlandy, jenaýatçylar ony penjireden çykaryp alyp gitdiler. Indi bolsa heýkel ekspozisiýadaky ýerine gaýdyp geler.
Bu babatda muzeýiň müdiri Katrin Molle öz begenjini gizlemeýär: “Bu örän möhüm sungat predmeti, bular ýaly heýkelleriň sany gaty az, üstesine-de bu örän ýokary derejede ýerine ýetirilen”.
Bürünç Bahusyň gaýtarylmagy üçin çykdajylary iki britan hususy kolleksioneri we Şatiýonyň şäher administrasiýasy öz aralarynda paýlaşdylar.


29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

23.05.2026 16:15
8.3k+

AF447 gatnawynyň heläkçiliginde Airbus we Air France günäkär hasaplandy

Parižiň Şikaýat kazyýeti 2009-njy ýylda Atlantik ummanynyň üstünde AF447 gatnawynyň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda Airbus awiaöndürijisini we Air France awiakompaniýasyny tötänden adam öldürmekde......

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......