Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» konsepsiýasy Hytaýyň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjy bilen utgaşýar

  • 03.02.2022 16:50
  • 8.2k+

Türkmen Lideriniň Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe teleýaýlymlarynyň we abraýly metbugat serişdeleriniň — «CCTV», «CGTN in Russian» telekompaniýalarynyň we «Ženmin žibao» gazetiniň hem-de «Sinhua» habarlar agentliginiň wekilleri bilen söhbetdeşliginde «Bir guşak — bir ýol» we «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» başlangyçlaryna aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, bu başlangyçlaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berer hem-de häzirki zaman şertlerinde Ýuwaş ummandan Atlantika ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologiýa ulgamlaryny, senagat guşaklyklaryny kemala getirer, köp sanly durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine, halklaryň ýaşaýyş we abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.

«Hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň biziň yklymymyzda geoykdysadyýetiň täze keşbini kemala getirmegiň esasy bolup durýandygyna ynanýaryn. Munuň özi hakykatdyr hem-de islendik oňyn başlangyçlar, strategiýalar we teklipler özara bähbitleriň we uzak möhletleýin maksatlaryň sazlaşygy esasynda biri-biriniň üstüni doldurmalydyr» diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň üstüni ýetirdi.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......