Hindistan aprelde hususy sanly walýutasyny işe girizer

  • 02.02.2022 13:43
  • 5.3k+

Hindistanyň Merkezi banky 1-nji aprelde başlajak 2022-2023-nji maliýe ýylynda sanly rupiýa çykarar. Bu barada Hindistanyň Maliýe ministrliginiň beýannamasyna salgylanyp, CNBC habar berýär. Muny epravda.com.ua ýetirýär. 

Ol ýerde sanly rupiýanyň ornaşdyrylmagynyň “blokçeýni we beýleki tehnologiýalary ulanmak arkaly” işlenip düzüljekdigi bellenilýär.

“Şeýlelik bilen, Hindistan eger sanly ýuany synagdan geçirýän Hytaýyň yzyna eýerip, öz meýilnamalaryna berk ýapyşsa, onda sanly bankyň sanly walýutasyny (CBDC) girizen dünýäniň ilkinji uly ykdysadyýetleriniň birine öwrüler” – diýip, CNBC ýazýar.

CBDC (Central Bank Digital Currency) Merkezi bank tarapyndan çykarylýan puluň sanly görnüşidir. 

“Merkezi bankyň sanly walýutasynyň ornaşdyrylmagy sanly ykdysadyýete uly itergi berer” – diýip, Hindistanyň maliýe ministri Nirmala Sitharaman ýurduň ýyllyk býujetini hödürlemek bilen aýtdy.

“Şeýle-de, sanly walýuta walýutany dolandyrmagyň has netijeli we has arzan ulgamyna getirer” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ministr sanly rupiýanyň nähili işlejekdigi ýa-da onuň nähili görnüşde boljakdygy barada jikme-jik maglumat bermedi, ýöne onuň “blokçeýn we beýleki tehnologiýalary ulanmak arkaly” hödürlenjekdigini aýtdy. 


26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

11.06.2026 22:18
7.8k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

30.05.2026 11:21
3k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......