Täjigistan Türkmenistandan alýan suwuklandyrylan gazynyň möçberini artdyrar

  • 02.02.2022 08:54
  • 5k+

Täjigistan suwuklandyrylan gazy import edýän ýurtlarynyň sanawyny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Ozal bu sanawda Russiýa we Gazagystan esasy orunda durýan bolsa, gazanylan ylalaşyga laýyklykda, indi bu ýurda Türkmenistandan hem suwuklandyrylan gazyň iberilişi artdyrylar. Bu barada Täjigistanyň enegetika we suw serişdeleri ministri Daler Jumanyň sözlerine salgylanyp, tj.sputniknews saýty habar berýär.

Indi Täjigistana Türkmenistandan gaz has köp geler. Ýakynda bu iki ýurduň arasynda Täjigistana suwuklandyrylan gazy çäklendirilmedik möçberde ibermäge mümkinçilik berjek ylalaşyk baglaşyldy diýip, Daler Juma aýdýar. Onuň sözlerine görä, täjik tarapy Türkmenistandan eýýäm 2021-nji ýylda 5 müň tonna suwuklandyrylan gazy satyn aldy.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň hatarynda suwuklandyrylan gazy we ýanyjy çalgy ýaglaryny ibermek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk hem bar.
Suwuklandyrylan gaz täjigistanly sürüjiler üçin ýangyjyň iň islegli görnüşleriniň biridir. Ýurtda awtoulaglaryň 50 — 60 göterimi şu ýag bilen doldurylýar.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....