Mukamlar köşgünde dutaryň ÝUNESKO girizilmegine bagyşlanan dabara geçirildi

  • 02.02.2022 13:38
  • 3.2k+

1-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, bu çözgüt 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi hem-de şu ýylyň 30-njy ýanwarynda ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy.

Dabara Hökümet agzalary, medeniýet we ylym ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Çärede Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça welaýatlardan we paýtagtymyzdan aýratyn tapawutlanan «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen ada mynasyp bolan dutar ussalarynyň atlary dabaraly ýagdaýda yglan edildi. Maslahata gatnaşyjylar dünýäde dutar ýasamak senetçiligini, onda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmäge, halypa-şägirtlik däplerini pugtalandyrmaga we täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilen “Çalsana, bagşy!” atly täze bäsleşigiň yglan edilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi dabaraly maslahat bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......