Dutaryň ÝUNESKO girizilmegi mynasybetli giň gerimli çäreler göz öňünde tutulýar

  • 01.02.2022 12:30
  • 4.8k+

31-nji ýanwarda geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçiriljek çäreleriň Tertibini gyssagly taýýarlamak barada görkezme berdi.

Şeýle-de bu şatlykly waka mynasybetli medeniýet ulgamy tarapyndan, ine, şu çäreler guralar:

  • 1-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat we sergi geçiriler, şeýle hem maslahatda welaýatlardan we Aşgabat şäherinden aýratyn tapawutlanan dutar ussalaryna «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen adyň dakylandygy baradaky şahadatnamalar gowşurylar.
  • Bagşy-sazandalaryň konsertleri teleýazgy görnüşine geçirilip, ýaýlyma berilmeli.
  • Ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligine hem-de milli aýdym-saz sungatymyza bagyşlanan maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny geçirmeli.
  • Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça dürli çäreleri, şol sanda maslahatlary we duşuşyklary geçirmeli.
  • Teatrlarda dutar bilen bagly sahna oýunlaryny teleýazgy görnüşine geçirip, ýaýlymlarda berilmeli.

19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......